Uzynlygy 55,88 santimetr bolan alakany Angliýanyň demirgazygyndaky Redkar etrabyndan tutdular. Ol ýurduň taryhyndaky iň iri alaka hasaplanýar. Bu barada «The Telegraph» neşiri habar berdi.
Ýurduň konserwatorlar partiýasy gemrijiniň peýda bolmagynda leýboristler tarapyndan dolandyrylýan geňeşi alakalaryň hüjümine garşy ýeterlik göreşmeýändigi üçin aýypladylar.
Žurnalistler şeýle hem alakalaryň Birmingem şäherini-de basyp alandygyny ýatladýarlar, ol şäherde zibil toplaýjylaryň köp aý bäri iş taşlaýşy zerarly aýrylmadyk zibiller depä döndi diýlip, habarda bellenýär.
