Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammed Ýunus Menfi bilen duşuşdy.
TDH-niň habar berşi ýaly, myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Liwiýada Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Şeýle-de dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanda geçirilýän bu maslahatyň üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin zerur şertleri döretmekde, bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň ýagty geljegi ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.
Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebit-gaz ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin hem täze mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerinidir usullaryny gözlemek hem-de olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli dialogyň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler iki ýurduň arasynda ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammed Ýunus Menfi iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
