2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 230,3 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada «LS» gazak saýty ýazýar.
Habarda bellenilişine görä, hasabat döwründe Türkmenistanyň gazak bazaryna eksport eden harytlarynyň umumy agramy 2,5 esse ýokarlandy. Eksportyň umumy bahasy bolsa 86,6 million amerikan dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň goňşy ýurda eksport eden harytlarynyň arasynda sintetiki ýüplüge, pomidora, ýuwujy serişdelere, keramiki santehnika önümlerine, alkogolsyz içgilere we şerbetlere, şeýle-de kükürt kislotasyna esasy orun degişli.
Ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Gazagystandan amala aşyran importy 143,7 million amerikan dollaryna barabar boldy.
