Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-uň) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda türki dünýäniň medeni giňişliginiň umumy gymmatlyklaryny goramaga gönükdirilen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-uň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, täze medeni taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alşyldy. Şeýle-de taraplar durnukly ösüş maksatlaryna goşant goşjak bilelikdäki başlangyçlara aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň dowamynda TÜRKSOÝ-uň Baş sekretary S.Raýew türkmen edebiýatynyň görnükli şahyrlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli TÜRKSOÝ tarapyndan taýýarlanan ýörite kitaby wise-premýer B.Seýidowa gowşurdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa bu neşiri hoşallyk bilen kabul edip, kitabyň Aşgabatda dabaraly ýagdaýda tanyşdyryljakdygyny belledi.
Mundan başga-da, S.Raýew Türkmenistanyň TÜRKSOÝ-a goşýan işjeň goşandyna we 2024-nji ýylda ýurtda gurama bilen bilelikde geçirilen medeni çärelere ünsi çekip, öz minnetdarlygyny beýan etdi. Wise-premýer B.Seýidowa, öz gezeginde, TÜRKSOÝ-uň türki halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ornuna ýokary baha berdi we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda türki dünýäniň baý medeni mirasyny halkara derejede wagyz etmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtaldy. Taraplar bu ugurda bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.

Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy-barlaglary, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek, bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Medeni gatnaşyklaryň türki dilli döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetli gural hökmünde çykyş edýändigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.
