Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 1,5 müňden gowrak türkmenistanly täjirçilik we söwda maksady bilen Özbegistana bardy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Habarda bellenilmegine görä, hasabat döwründe Türkmenistanyň 1 müň 642 sany raýaty söwda we täjirçilik maksady bilen goňşy ýurtda bolupdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ugurda üçünji ýeri eýeledi.
Sanawda deslapky orun Owganystana (207,5 müň), ikinji ýer bolsa Täjigistana (12,2 müň) degişli.
Ýeri gelende bellesek, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda 223,6 müň daşary ýurtly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana barypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,4 esse köpdür.
