Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Rustam Minnihanow sosial ulgamyndaky öz sahypasynda Türkmenistana amala aşyrýan nobatdaky saparynyň çäklerinde Tatarystanyň «köpden bäri tanyş dosty» Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşandygyny belledi.
Taraplar Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge üns berýärler.
