Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi.
Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin, şeýle-de beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Metbugat gullugy habar berdi.
Rustam Minnihanow şu gün Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň düzüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň işine gatnaşar. Wekiliýete Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşew ýolbaşçylyk edýär.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşyk geçirendigini habar beripdik.
