4-nji awgustda Rumyniýanyň Konstansa şäherinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bilen Konstansa Söwda, senagat we oba hojalygy palatasynyň Baş direktory Ruksandra Sereskunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga palatanyň degişli bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Buharestdäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Ilçi Türkmenistanyň ykdysadyýetine umumy syn berip, durnukly ösüş hem-de energetika, logistika, gurluşyk, dokma senagaty, oba hojalygy we maýa goýumlar ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi.
Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk üçin platforma bolup hyzmat etjek Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy (TSSE) hem-de 27 müňden gowrak hususy kärhanany birleşdirýän Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşigi (TSTB) barada hem giňişleýin maglumat berildi. Bu edaralaryň agrar, logistika we senagat taslamalary ugrunda daşary ýurt maýa goýumlary bilen gatnaşyklaryň ösdürilýändigi bellendi.
Rumyn tarapyna TSSE we TSTB bilen gönüden-göni gatnaşyklara başlamak, özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalary baglaşmak, bilelikdäki işewürlik geňeşlerini döretmek, işewürlik forumlaryny gurnamak we wekiliýet alyşmak teklip edildi.
Ruksandra Seresku degişli ylalaşyklary baglaşmaga taýýardygyny nygtap, degişli teklipleriň tiz wagtda gowşuryljakdygyny habar berdi. Şeýle hem Konstansa şäherinde geçirilýän sergilere we ýarmarkalara türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagyna gyzyklanma bildirildi.
Duşuşygyň ahyrynda söwda-ykdysady gatnaşyklary institusional taýdan kämilleşdirmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň gönüden-göni gatnaşyklaryny güýçlendirmek zerurdygy bellenildi.
