Kanadaly ýangyn söndürijiler ýangynyň döremegine sebäp bolan guşy saklap, soraga çekdiler. Waka Britan Kolumbiýasy ülkesindäki Eşkroft şäheriniň golaýynda boldy. Gyrgy derýadan tutan balygyny elektrik geçirijiniň üstüne gaçyryp, uçgunyň döremegine sebäp boldy diýip, şäheriň ýangyn söndüriş gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berýär.
Elektrik simde dörän uçgun gury otuň tutaşmagyna sebäp bolupdyr. Ody çalt öçüripdirler, gyrgyny bolsa, soraga çekmek üçin tutupdyrlar. Gullugyň habarynda kazyýetiň jenaýatkär guşy pul girewi bilen azat etmäge rugsat bermändigi, sebäbiň guşuň uçup gitmek mümkinçiliginiň bardygy degişme bilen bellenýär.

Halas edijileriň degişme äheňli çaklamasyna görä, gyrgy ýa-ha götererden agyr balyk tutup, öz güýjüne ýokary baha beripdir, ýa-da onuň gowrulan balyk iýesi gelen bolmaly.
