31-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ösüş derejesine baha berdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Türkmen tarapy, ýakyn günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taýýarlyk görmekde Taýlandyň goşandyny nygtady.
Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer ugurda türkmen-taýland gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar. Taýland tarapyndan iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga isleg beýan edildi.
