2025-nji ýylda dünýäde bolan tebigy betbagtçylyklar 112 milliard ýewro möçberde zyýan ýetirdi. Munuň üçin Los-Anjelesdäki tokaý ýangynlaryny, ABŞ-daky ýowuz howany we Mýanmadaky ýer titremelerini mysal getirmek ýeterlikdir diýlip, «Munich Re» atly gaýtadan ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, bu geçen ýylyň rekord görkezijisinden (133 mlrd ýewro) kän pes, emma köpýyllyk ortaça görkezijiden ýokary boldy. Şunda 112 milliard ýewro zyýanyň 70 milliardy ätiýaçlandyryldy.
Iň gymmat heläkçilik uly Los-Anjeles etrabynda bolan güýçli ýangyndyr. Ol 45 mlrd ýewro zyýan getirdi, onuň 34 milliardy ýapyldy diýlip, habarda bellenýär.
«Munich Re» kompaniýasynyň wekilleri howanyň üýtgemeginiň ýitgileriň esasy sebäbidigini belleýärler. Ýangynlar üçin şertler barha kadadan çykma häsiýete eýe bolýar diýip, howanyň üýtgemegi boýunça baş hünärmen Tobias Grimm aýdýar.
Ol şeýle-de Mýanmada martdaky ýertitremäniň güýjüniň 7,7 bala deň bolandygyny, netijede, 4500 adamyň pida bolandygyny, 10 milliard ýewro (asla ätiýaçlandyrylmady diýen ýaly) möçberde maddy zyýan çekilendigini ýatlatdy. Umuman alnanda, şonda howa hadysalary 88 göterim, ýertitremäniň özi galan 12 göterim ýitgi getirdi.
Galyberse-de, ABŞ-daky martdan maýa çenli bolan dört sany güýçli deňiz harasatlary 16 milliard ýewro ýitgi getirdi, onuň 12 milliardy ätiýaçlandyryldy diýip, «heute.at» portaly ýazýar.

