Aýdymçy Jastin Timberleýk ýene-de jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekdi, emma bu gezek oňyn tarapdan däl. Golaýa onuň sosial torlarda Ýewropadaky çykyşlarynyň wideosy ýerleşdirildi, onda aýdymçy aýdym aýtmagyň deregine mikrofony zala tutup, tomaşaçylaryň aýdymy dowam etmegine garaşýar. Bu barada «Mali.ru» habar berdi.
Käbir wideolarda Timberleýk aýdymyň bary-ýogy 20-30 sekundyny ýerine ýetirip, soňra tomaşaçylara seredip, olaryň aýdymy öz deregine dowam etmegine garaşyp durýar.
Şeýle wakanyň iň ýatda galyjysy Rumyniýada boldy. Tomaşaçylar artiste bir sagatdan gowrak ýagşyň aşagynda garaşdy, ol ahyrsoňy sahna gara äýnekli we kepka başgaply çykdy, köpler hatda onuň nirededigini-de düşünip bilmediler.
Bu aýdym-sazly çykyşlaryndan soňra muşdaklary aýdymçynyň geljekki konsertiniň peteklerini köpçülikleýin yzyna gaýtardylar. Russiýaly janköýerler hem onuň konsertine petekleri satmakçydygyny aýdýarlar. Emma her niçigem bolsa, Timberleýkiň Tbiliside 23-nji iýuldaky konserti köp adamly boldy, oňa 20 müňe golaý adam gatnaşdy diýlip, habarda bellenýär.
