ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen tizräk duşuşyk geçirmek barada aladalanmaýandygyny, emma ol eýýäm Hytaýa sapara çakylyk alandygyny habar berdi.
«Ýalançy habar beriş serişdeleri hamana men HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen tizräk duşuşmak isleýändigimi ýazýarlar. Bu hakykata gabat gelmeýär, men hiç zat gözlämok» diýip, ol «Truth Social» sosial torunda ýazdy.
«Men Hytaýa gidip bilerin, ýöne diňe Başlyk Si Szinpiniň çakylygy boýunça, şeýle çakylygy-da eýýäm aldym. Eger çakylyk bolmasa, men bu barada alada etmeýärin» diýip, Tramp ýazdy.
