«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen bäsleşige sebitiň ähli etrap-şäherlerinde saýlama tapgyrlarda ýeňiji bolan zehinli höwesjeň estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy.
Bäsleşigiň dowamynda türkmen we daşary ýurt halklaryň kompozitorlarynyň döreden aýdym-sazlary ýerine ýetirildi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Gyzylarbat etrabynyň Tutly obasynyň ýaşaýjysy, höwesjeň aýdymçy Öwezmyrat Ataýew hem-de Esenguly etrabynyň harby wekilliginiň gözegçisi Ýunus Aşyrdurdyýew ýeňiji boldular.
Eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan ýaş zehinli aýdymçylar «Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
