Üçýyldyz 23-nji iýulda doglup, 12-nji awgusta çenli, ýagny Ýaldyrak dogýança dowam edýär. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatlara görä, bu döwür «saryja tomus» diýlip hem atlandyrypdyr. Şol günler howanyň gyzgynlygy gündizlerine 40 — 46 derejä çenli ýetýär.
Üçýyldyzyň soňky günleri howa örän gurak we yssy bolýar. Şol guraklykdyr yssy howa ekin, aýratyn-da, gowaça üçin ýaramlydyr. Şoňa görä, bu möwsüm onuň köpçülikleýin gülläp, gozalarynyň doluşýan döwri hasaplanýar.
Ata-babalar «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar» diýen sözüniň manysyny tirsek, Üçýyldyz döwründe howa gündizlerine gyzsa-da, gije çyg düşüp, sowap başlandygyny, ýöne öňde Ýaldyragyň bardygyny ýatladýar. Bu barada «Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny» diýlen aýtgyny hem döredipdirler.
Saryja tomusda jandarlar nirede kölege bolsa, şol ýerde gizlenýärler. Hažžyklar, gömülgenler bolsa saýada guma gömlendirler. Iňrik garalyp, agşam düşdügi sähra ýene janlanar. San-sajaksyz mör-möjekleriň, perwanalaryň ugry oduň yşygyna bakadyr.
