Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgust aýynyň başynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly dürli çäreleriň köp sanlysynyň geçirilmegi bellenilendir.
TDH-niň berýän habaryna görä, Awazada geçiriljek maslahatyň maksatnamasynyň ýaşlar forumynyň, bu ugurda halkara derejede hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygyna degişli ugurdaş meseleleri gozgaýan birnäçe çäreleriň geçirilmegini hem öz içine almagy tötänden däldir. Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmek bilen, meýilleşdirilýän ähli çäreler dürli medeniýetlere, sebitlere, garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, durnukly ösüşiň umumy wezipelerini çözmek işine gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen düzüminiň çäklerindäki geljegi uly taslamalara ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny höweslendirmäge gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlyk türkmen ýaşlarynyň öňünde öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin has giň şertleri döredýär. Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dürli döwletleriň ýaşlary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi-de bu ugurda wajyp ädimleriň birine öwrüldi.
Ýaşlar meselesiniň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalaryndaky ileri tutýan garaýyşlarynda-da yzygiderli beýanyny tapmagy tötänden däldir. Munuň özi ýurduň beýleki agza döwletler, BMG-niň bu ugurdaky düzümleri we institutlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar.
BMG-niň syýasy resminamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmekde, «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» ählumumy gün tertibini bilelikde amala aşyrmakda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlaryny jebisleşdirmek maksady bilen, soňky ýyllarda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde sebitde ýaşlaryň dialogy işjeň ösdürilýär. Hususan-da, merkez tarapyndan «Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy» başlangyjy durmuşa geçirilýär. Ol ýaşlary Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň çäginde hereket edýän öňüni alyş gurallary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň hem-de daşary işler ministrleriniň her ýylda geçirilýän maslahatlarynyň çäklerinde ýaşlar bilen sebitiň ýurtlarynyň Hökümetleriniň resmi wekilleriniň arasynda dialogy guramak tejribesi ýola goýuldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem türkmen ýaşlarynyň durmuş işjeňligini mundan beýläk-de artdyrmak, halkara gatnaşyklary giňeltmek, dünýä giňişliginde umumy bähbitleri ilerletmek babatda ýaşlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli meýdançany döretmäge ýardam berer.
