Ikinji jahan urşunyň ahyrlarynda ogurlanan Antonio Stradiwariniň skripkasyny köp onýyllyklar soňra Tokio şäherinden tapdylar. Saz guraly millionlarça dollar bahalanýar diýip, «MIR 24» habar berdi.
Skripka 1709-njy ýylda, skripka hünärmentçiliginiň «altyn asyrynda» ýasalypdyr. Ony Mendelson-Bonkeniň maşgalasynda saklapdyrlar. 1945-nji ýylyň ýazynda ýa-da tomsunda saz guralyny Berlindäki bankyň seýfinden ogurlapdyrlar. Köp onýyllyklar onuň gözlegi netijesiz tamamlanypdyr hem-de skripkany hemişelik ýitirilen ýa-da ýok edilen hasaplapdyrlar.
Hünärmenlere skripkany 2005-nji ýylda ýapon sazandasy Eýjin Nimuranyň satyn alandygyny anyklamak başardypdyr. Emma ol saz guralynyň hakyky eýeleri bolan Mendelson-Bonkeniň maşgalasy bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz dönderipdir diýip, «The New York Times» gazeti ýazýar.
