ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň hem-de birnäçe beýleki döwletleriň Liderleriniň adyna ol ýurtlardan getirilýän harytlara gümrük pajynyň girizilýändigi barada haty çap etdi. Bu barada «INTERFAX.RU» habar berdi.
«2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, biz Gazagystandan ABŞ-a getirilýän harytlaryň ählisine 25 göterim derejede gümrük pajyny girizýäris» diýlip, amerikan Lideriniň düýn «Truth Social» sosial torunda ýerleşdirilen hatynda bellenýär.


(Surat: RBK)
Şeýle mazmundaky hatlary Malaýziýanyň (25 göterim), GAR-yň (30 göterim), Laos bilen Mýanmanyň (ikisi hem 40 göterim) Liderleri-de aldylar.
Ähli resminamalarda sanalan ýurtlar amerikan harytlaryna paçlary girizmek kararyna geläýen halatlarynda Trampyň edarasy tarapyndan bellenen pajyň üstüne şonça möçberde pajyň goşuljakdygy nygtalýar.
Öň Tramp şeýle mazmundaky hatlary Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mene we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigure Isiba hem ýollady. Olarda hem 25 göterim möçberde gümrük pajynyň girizilýändigi habar berildi.
