BRIKS halkara guramasynyň XVIII sammiti 2026-njy ýylda Hindistanda geçer. Bu barada guramanyň Jemleýji Beýannamasyna salgylanýan TASS habar berdi.
BRIKS — özüne Russiýany, Braziliýany, Hindistany, HHR-i, Günorta Afrikany, BAE-nji, Eýrany, Müsüri we Efiopiýany birleşdirýän döwletara bileleşik bolup, ony ady ilkibaşky bäş agza-ýurduň atlaryna yşarat edýär: Brazil, Russia, India, China, South Africa. Guramanyň ilkinji sammiti 2009-njy ýylda geçdi. Duşuşyklarda agzalar ykdysadyýet we geosyýasy meseleleri hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşýarlar.
Häzir guramanyň 2025-nji ýyldaky duşuşygy Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde 6-7-nji iýulda geçýär.
