«Yupekchi» hojalyk jemgyýeti 2025-nji ýylyň 2 – 5-nji iýuly aralygynda Stambulda geçirilýän «F Istanbul Food and Beverage Products + Production Technologies Export Fair» forumynyň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň eksport harytlarynyň halkara sergisine gatnaşýar.
Kompaniýanyň diwarlygy dürli alkogolsyz içgiler bilen myhmanlaryň ünsüni çekýär, şolaryň hatarynda «Bold», «7gen», «Softea», «Näzli», «Hoşal», «Hoşal kids», «Pokgi», «Real cola» we beýleki brendler bar.
Önümleriň görnüşleriniň köp bolmagy «Yupekchi» kompaniýasynyň sarp edijileriň nusgawydan başlap, innowasion çözgütlere çenli dürli isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýändigini görkezýär. Serginiň myhmanlary täze önümlere bolşy ýaly, eýýäm meşhurlyk gazanan tagamlara hem uly gyzyklanma bildirýärler, bu bolsa kompaniýanyň önümleriniň ýokary hiline we meşhurlygyna şaýatlyk edýär.
Içgileriň ähli görnüşileri bilen www.yupekchi.com resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.
«Yupekchi» öndürýän önümleriniň halkara hil we howpsuzlyk standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylandygyny hem belleýär:
- FSSC 22000 (azyk önümleriniň howpsuzlygyny dolandyryş ulgamy)
- ISO 9001:2015 (hil dolandyryş ulgamy)
- Önümleriň dini talaplara laýykdygyny tassyklaýan Halal sertifikaty.
Stambulda geçirilýän sergä gatnaşmak «Yupekchi» kompaniýasynyň eksport işjeňliginiň we daşary ýurtlarda türkmen önümlerine bolan gyzyklanmanyň artýandygynyň subutnamasydyr.
«Yupekchi» hojalyk jemgyýeti bilen habarlaşmak üçin aşakdaky maglumatlara ýüz tutup bilersiňiz:
Telefon: (+993) 566 5-03-65
Email: info@yupekchi.com
Saýt: www.yupekchi.com
