Türkmenistandan bilim ulgamynyň wekilleri 2025-nji ýylyň 20-nji iýunyndan 5-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň we Belarus Respublikasynyň çäklerinde meýilnama esasynda geçirilýän «Ýatlama otlusy» atly medeni-bilim çäresine gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Bu çärede Türkmenistanyň bilim ulgamyna wekilçilik edýän topara Aşgabat şäheriniň 64-nji orta mekdebiniň müdiri Mekan Annaýew (topar ýolbaşçysy) we Aşgabat şäherinden, Arkadag şäherinden, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan, A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebinden, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hersinden 1 okuwçy (jemi 1 mugallym we 9 okuwçy) gatnaşýar.
«Ýatlama otlusy» atly medeni-bilim çäresiniň çäklerinde meýilnama laýyklykda, Belarus Respublikasynyň Brest, Grodno, Minsk, Gomel, Witebsk we Polotsk şäherlerindäki 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bilen bagly ýerlere gezelençler guraldy.
