Howa kynçylyklary açlygyň artmagyna, adamlaryň ýaşaýan ýerlerini üýtgetmegine we zorluga getirýär diýip, Gamburg şäherindäki Ganzeý uniwersitetiniň alymlary aýdýarlar. Olaryň maglumatlaryna laýyklykda, ählumumy maýlama we onuň netijeleri tutuş dünýäde bosgunlaryň sanynyň köpelmegine getirdi. Howanyň üýtgemeginiň adamlaryň ýurduny terk etmeginiň ýeke-täk sebäbi bolmazlygyna garamazdan, hut ol bar bolan kynçylyklary ýitileşdirýär ýa-da döremegini çatlandyrýar.
Bu gowşak institutlary ýa-da durmuş deňsizligi ýokary bolan sebitlerde has ýörgünlidir diýlip, 20-nji iýunda bellenýän Bosgunlaryň bütindünýä gününe gabatlanyp çap edilen ylmy seljermede bellenýär. Ilkinji nobatda sil joşmalary, yssy howa ýa-da suw ýetmezçiligi durmuş syýasaty gowşak bolan sebitler, ýagny Sahara çölünden günortadaky Afrika ýurtlary ýa-da Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary ejir çekýärler.
Ylmy barlaglara görä, 2024-nji ýylda 83 milliondan hem köp adam öz ýurdunyň çägini terk edipdir. Bu mundan on ýyl öňdäkiden iki esse köpdür.
Ählumumy Günortadan başga, howa kynçylyklarynyň netijeleri Ýewropa döwletlerinde hem barha köp özüni bildirýär. Ýewropada hem adamlar tebigy betbagtçylyklar sebäpli öýlerini ýitirýärler. Muňa geçen ýyl Ispaniýanyň Walensiýasyndaky ýa-da Günorta Germaniýadaky sil joşmalary mysal bolup biler diýip, «Blick» žurnalyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

