Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň edarasy guramanyň çykdajylaryny tygşytlamak boýunça çäreleriň çäklerinde 3,5 müň işgärini kemelder. Bu barada edaranyň saýtyna salgylanýan TASS habar berdi.
Ýagny edaranyň ýolbaşçylary ofisleri ýapmaga we tutuş dünýäde işgärler düzümini kemeltmäge mejbur bolýar. Şol sanda Ženewadaky düýp edarada hem-de sebit edaralarynda ýolbaşçy düzümiň tas 50 göterimini kemeltmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da edaranyň wagtlaýyn işgärleriniň ýüzlerçesi maliýeleşdirmegiň ýetmezçiligi bilen baglylykda, guramany terk etmäge mejbur bolarlar. Umuman alnanda, tutuş dünýä boýunça işgärler üçin çykdajylary takmynan 30 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar diýlip, habarda bellenýär.
12-nji maýda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş «BMG-80» başlangyjyny öňe sürdi, ol guramanyň işiniň täsirliligini ýokarlandyrmagy hem-de onuň düzümine üýtgetmeleri girizmegi göz öňünde tutýar. 2-nji maýda Guterrişiň resmi wekili Stefan Dýužarrik guramada giň göwrümli özgertmeleri geçirmek maksatnamasyny tassyklady.
