16-njy iýunda Buharest şäheriniň Dimitriý Gustin adyndaky Milli oba muzeýinde «Miras arkaly sazlaşyk: Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyly» atly medeni serginiň dabaraly açylyşy boldy. Çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy habar berdi.
Dabara Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň wekilleri, akademiki we medeni jemgyýetçiligiň agzalary, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň öňünde muzeýiň direktory hanym Paula Popou, Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew we Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň döwlet sekretary Diana Baçiuna çykyş etdiler.
Çykyşlarda iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenilip geçildi we rumyn jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň baý taryhy mirasy bilen tanyşmagyna döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirildi.

Ilçi A.Annaýew özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilendigini we onuň ýurduň Konstitusiýasy arkaly berkidilendigini nygtady. Şeýle-de oňyn bitaraplyk ýörelgeleriniň ýurduň içeri we daşary syýasatynyň esasy sütünleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Ilçi Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde goşýan goşandyna, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyna, şeýle hem ýurduň medeni gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizilendigine ünsi çekdi.
Türkmen diplomaty Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky medeniýet, bilim, energetika we ulag ýaly ugurlarda dowam edýän hyzmatdaşlyk barada durup geçip, bu serginiň iki halky birleşdirýän medeni diplomatiýanyň nobatdaky köprüsidigini aýtdy we myhmansöýerlik üçin rumyn tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Habarda bellenilişi ýaly, sergi 30 günläp dowam eder. Munuň özi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny nygtamak üçin simwoliki many berýär. Serginiň çäklerinde medeni çykyşlar, ussatlyk sapaklary we mowzuklaýyn tanyşdyryş geçirildi.
