Soňky üç ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň agzalarynyň sany 60-dan 1 müň 300 adama çenli artdy – diýip, TDH agentligi halkara küşt ýaryşynyň Aşgabatda geçirilmegi bilen bagly maglumatlary berýär.
Küşte bolan uly gyzyklanma ýurduň içinde geçirilýän FIDE reýtingli ýaryşlaryň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Eger 2000–2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda şeýle küşt ýaryşlarynyň 57-si geçirilen bolsa, soňky 2,5 ýylyň dowamynda bu görkeziji 232 ýaryşa ýetdi.
Küşt oýnuna gyzyklanmanyň barha artmagy ýurdumyzda FIDE reýtinginiň hasaby ýöredilýän ýaryşlaryň sanynyň köpelmegi bilen hem baglanyşyklydyr. Meselem, 2000 — 2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda şeýle ýaryşlaryň 57-si geçirilen bolsa, diňe soňky iki ýarym ýylyň içinde olaryň sany 232-ä ýetdi – diýlip habarda aýdylýar.
Netijede, türkmen küştçüleriniň ussatlygy we gazanýan üstünlikleri hem artdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara derejeli grossmeýsterleriň sany 10-a ýetýär. Olaryň üçüsi soňky üç ýylyň içinde bu hormatly ada mynasyp boldular. Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda türkmen küştçüleri halkara ýaryşlarda 39 medal gazandylar.
2024-nji ýylda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda ýurdumyzyň erkek we zenan türgenler ýygyndylarynyň, degişlilikde, «B» we «C» derejede eýe bolan altyn medallary olaryň esasy ýeňişleriniň biri boldy.
Duşenbe güni Aşgabatda 8, 10 we 12 ýaşly çagalaryň arasynda halkara küşt ýaryşy başlandy. Oňa Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan ýaş küştçüler gatnaşýarlar.
