«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji iýundan başlap Moskwa ugry boýunça uçuşlaryny togtadýar. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
«2025-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça uçuşlar togtadylýar. Ýatyrylan uçuşlaryň ýerine Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçar gatnawlary girizildi» — diýlip, habarda aýdylýar.
Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça awiabileti bolan ýolagçylar awtomatik usulda Aşgabat – Kazan ugry boýunça uçarlara geçiriler. 2-nji iýundan 14-nji iýuna çenli olar üçin Kazan howa menzilinden Moskwanyň Domodedowo howa menziline çenli mugt ýerüsti ulag serişdesi bilen üpjün ediler.
Şeýle-de habarda 15-nji iýundan 25-nji oktýabr aralygyndaky uçuş möhleti bolan Aşgabat – Moskwa – Aşgabat awiabileti bolan ýolagçylaryň awtomatik usulda Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça uçuşlara geçiriljekdigi bellenilýär.
