Belarus Respublikasynyň Uniwersal haryt biržasy (BUHB) Türkmenistanyň öz öndürýän harytlaryny Belarus Respublikasyna eksport etmegi ýa-da belarus bazaryndan haryt satyn almagy meýilleşdirýän işewür toparlary üçin «bir penjire» hyzmatyny hödürlemäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Aşgabat şäherinde geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» («ITSE 2025») sergisine gatnaşan BUHB-nyň Dolandyryjylar Geňeşiniň başlygynyň kömekçisi Ýaroslaw Kowalçugyň sözlerine salgylanyp, «BELTA» habarlar agentligi ýazýar.
Ýaroslaw Kowalçugyň aýtmagyna görä, BUHB Türkmenistanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu hyzmatdaşlyk özara söwdanyň möçberiniň artdyrylmagyny hem-de özara söwdadaky harytlaryň görnüşleriniň giňeldilmegini öz içine alýar.
«Biržamyzda ähli esasy belarus öndürijileri we sarp edijileri diýen ýaly akkreditasiýadan geçendir. Şonuň üçin Türkmenistanyň kärhanalary biržada işlemäge başlanynda, olar Belarus Respublikasynyň tutuş bazaryna çykmak mümkinçiligini, şeýle hem harytlaryň bahalary we eltip bermek şertleri baradaky häzirki zaman maglumatlary alýarlar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň işewürleriniň Belarusda iş alyp barmagyny ep-esli ýeňilleşdirýär we wagt ýitgisini hem-de mümkin bolan töwekgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berýär» diýip, BUHB-nyň wekili nygtady.
Şeýle-de ol häzirki wagtda Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky birža söwdasynyň, esasan, belarus agaç önümleriniň eksporty arkaly amala aşyrylýandygyny aýtdy.
«Ösüş depgini oňyn. Geçen ýylyň ýanwar – aprel aýlary bilen deňeşdirilende, şu ýylyň degişli döwründe türkmen işewürleriniň gatnaşmagyndaky birža söwdasynyň möçberi bäş esse artdy. Bu, esasan, belarus önümleriniň eksportynyň köpelmegi bilen baglanyşykly» diýip, Ýaroslaw Kowalçuk nygtady.
Türkmenistanyň importy babatda bolsa, BUHB-nyň wekili bu ýerde iň geljegi uly haryt toparlarynyň dokma önümleri we miwe-gök önümleri bolup durýandygyny aýtdy. Şoňa görä-de «ITSE 2025» sergisiniň çäklerinde şu ugurda işleýän türkmen öndürijileri bilen duşuşyklar geçirilip, olary belarus birža platformasyna çekmek boýunça gepleşikler geçirildi.
Aşgabada amala aşyrylan saparyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygy, şol sanda analitik maglumat alyşmak we tehnologiýa çalşygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu çäreler Belarus bilen Türkmenistanyň birža platformalarynyň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berer.
2025-nji ýylyň 30-njy aprel ýagdaýyna görä, Belarus Respublikasynyň Uniwersal haryt biržasynda akkreditasiýadan geçen Türkmenistanyň rezidentleriniň sany 21-e deňdir.

