Her ýyl Bişkegiň merkezindäki Kurmanžan Datkiniň ýadygärliginiň ýerleşýän meýdançasynda «Kitap FEST» halkara festiwaly geçirilýär. Bu ýyl çäre Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna guraldy diýip, «rg.ru» ýazýar.
Festiwala baryp görenler ýerli we daşary ýurt neşirýatlarynyň önümleriniň dürli görnüşleri bilen tanyşdylar. Çagalar döredijilik toparlary Ýeňşe bagyşlanan konsert maksatnamalary we teatr sahnalary bilen çykyş etdiler. Körpeler üçin bolsa, surat çekmek boýunça ussatlyk sapaklary guraldy.
- Festiwalyň maksady ýurdumyzda kitap okamagy wagyz etmekden ybarat – diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, habarlar we ýaşlar syýasaty ministrliginiň baş hünärmeni Çolponaý Toýçybekowa gürrüň berýär. – Biz Ýeňiş gününiň özümiz üçin wajyp baýramçylykdygyny hem-de ony unutmaýandygymyzy görkezmek isleýäris. Ýurduň ähli kitaphanalarynda bu şanly senä bagyşlanan çäreler geçirilýär.
Kitap baýramçylygy Gyrgyzystanda on altynjy gezek geçirilýär. Onuň guramaçysy bolup, Döwlet kitap palatasy çykyş edýär. Bu ýyl oňa 28 sany neşirýat gatnaşýar.
