Türkmenistanyň Prezidenti Kazanda geçirilýän BRIKS sammitine gatnaşýar, Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly halkara maslahatynyň birinji güni tamamlandy, Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany Gutlagynda BMG bilen köpugurly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, munuň Türkmenistanyň daşary syýasaty üçin strategiki ähmiýetine ünsi çekdi.
3. Şu gün Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän XVI BRIKS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. TDH-nyň beýan edişi ýaly, ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine – «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezine ugrady. 30-dan gowrak daşary ýurt döwletleriniň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň we GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, XVI BRIKS Sammitiniň «autriç»/«BRIKS+» görnüşindäki plenar mejlisine gatnaşdylar.
4. «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahatyň we serginiň birinji güni tamamlandy. Forum ýüzlerçe gatnaşyjyny, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekillerini bir ýere jemledi. Olaryň käbiri pikir alyşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Myhmanlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge gönükdirilen täzeçillikler, dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy.
5. 27 – 29-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanda Ermeni medeniýetiniň günleri geçiriler. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistanyň Tatul Altunýan adyndaky Döwlet aýdym we tans ansamblynyň çykyşy açylyş dabarasynyň esasy çäresi bolar. «Aşgabat» kinoteatrynda we «Watan» kinokonsert merkezinde türkmen tomaşaçylary ermeni filmlerine tomaşa ederler, şolaryň hatarynda meşhur Frunzik Mkrtçýanyň baş keşbi janlandyran «Aýrik» filmi hem bar. Maksatnamada ermeni animasiýasyna hem aýratyn üns berlipdir. Medeni maksatnama 29-njy oktýabrda Türkmenistanyň we Ermenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlanar.
6. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady Türkmen-Türk parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşmakdan ybaratdyr. Saparyň dowamynda türkmen parlamentarileri türk kärdeşleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdiler. Ýurtlaryň arasynda parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Dünýäde
7. Ýönekeý deňagramlylyk maşklary bedende ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmelere garşy göreşmekde täsirli gural bolup biler. Amerikan hünärmenleri geçirilen gözlegiň dowamynda şeýle netijä geldiler. Synaga 50 ýaşdan uly 40 sagdyn meýletinçi gatnaşdy. Gözlegçiler dürli fiziki görkezijileri, şol sanda ýöreýişi, tutuş güýjüni we dyz myşsalaryny, şeýle hem deňagramlylygy saklamak ukybyny bahalandyrdylar. Alymlar bedeniň ýaşlygyny saklamak üçin gündelik ýönekeý maşky etmegi: her aýagyňda 30 sekuntlap durmagy maslahat berýärler. Bu az wagt alýar we ýörite enjamlary talap etmeýär, ýöne garramagy ep-esli haýalladyp bilýär.
8. Tatarystan BRIKS sammitine gatnaşyjylar üçin giň gerimli süýjülik taýýarlady: milli süýjülik bolan çak-çakyň (şekşeki) 130 kilogramy ýörite daşary ýurt wekiliýetleriniň duşuşygy üçin taýýarlandy. Milli süýjülik 65 bölege bölündi. Belent mertebeli myhmanlary garşylamak dabarasy Kazanyň howa menzilinde geçirildi, bu ýerde Respublikanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň hut özi gelen döwlet Baştutanlaryny garşy aldy. Köpasyrlyk myhmansöýerlik däplerine eýerip, myhmanlara diňe bir tatar çak-çaky däl, eýsem, rus karawaý çöregi hem hödürlendi.
Sport habarlary
9. Türkmen türgeni Rahmet Taganow Gresiýanyň Heraklion şäherinde geçirilýän jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy. Bu ýyl jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda özboluşly waka boldy, sebäbi bu sportuň taryhynda ilkinji gezek ähli ýaş toparlarynyň ýaryşlary bir ýurtda geçirildi. Ýaryşa 67 ýurtdan 3500 türgen gatnaşýar.
10. Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy 2025-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynyň birinji tapgyrynda Taýlandyň toparyndan ýeňildi. Duşuşyk Çonburi şäherinde geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Ýatlatsak, baş tälimçi Ahmet Allaberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy «D» toparçada çykyş edýär, oňa Hindistanyň we Bruneýiň toparlary hem düşdi. Indiki tapgyrda Türkmenistan ýetginjekler ýygyndysy 25-nji oktýabrda Hindistanyň topary bilen duşuşar.

