Günorta Koreýadan bolan aýdymçy ýigit plastiki operasiýalar üçin 75 müň dollar harçlap, öz ýüz-keşbini tanalmaz ýaly üýtgetdi. Bu barada «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Aýdymçy täze keşbiniň özüniň meşhur bolmagyna ýardam etjekdigine ynanýar.
Ýaş koreýaly aýdymçy Pak So Jin bu barada teleýaýlymdaky göwün açyş şowhunlarynyň birinde tomaşaçylara gürrüň berdi. Ol diňe gulaklaryny we göz almalaryny öňküligine galdyrandygyny aýtdy. Pak burnunda, gözlerinde, dişlerinde birgiden operasiýalary geçirdi, şeýle-de saç ekme usulyndan peýdalandy.
Plastiki hirurgiýa Günorta Koreýada giňden ýaýrandyr. Bu has-da göwün açyşlyk ulgamynda ýörgünlidir. Artistleriň köpüsi ondan üstünlik gazanmak we muşdaklarynyň sanyny köpeltmek üçin peýdalanýarlar.

