Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymy möwsümine taýýarlygy üpjün etmegi tabşyrdy, Aşgabatda TIF-2024 maýa goýum forumy öz işine başlady, Türkmenistanda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine täze ýolbaşçy bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasan-da, 11-nji sentýabrda badalga beriljek pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutany ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamagy üpjün etmek üçin pagta kabul ediş nokatlarynyň, harmanhanalaryň, kombaýnlaryň we pagta daşamak üçin ulanylýan awtoulaglaryň möwsüme doly taýýarlygyny ýene bir gezek barlamagy tabşyrdy.
2. Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Bu forum ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek üçin möhüm halkara meýdança bolar. Çäräniň guramaçylary hökmüne Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri hem-de Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. Forumyň işine Hökümetiň agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň maýa goýum forumy 11-nji sentýabrda öz işini tamamlar.
3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdargeldi Ýolamanowy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanynyň Permany bilen, bu wezipä Hangeldi Kerimow bellenildi.
4. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Aleksandr Wolodiniň eseri esasynda «Süýreniji» («Ящерица») spektaklynyň ilkinji görkezilişi üstünlikli geçirildi. Spektaklyň esasy temalary watançylyk, diplomatiýanyň döremegi, söýgi, raýdaşlyk. Süýreniji atly bir gyz ýaý we ok ýasamagyň syryny öwrenmek üçin başga bir taýpanyň içine aralaşýar. Nätanyşlaryň arasynda ýaşap, ol birnäçe gülkünç wakalara sebäp bolýan köp dürli täzelikleri görýär. Spektaklyň goýujy-režissýory Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow.
5. Brýussel şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Mongoliýanyň ilçileriniň ilkinji duşuşygynda Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyjyny öňe sürdi. Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow özara gatnaşyklaryň hemişelik mehanizmini döretmegi, şol sanda daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli duşuşyklary, şeýle hem iki sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda forumlaryny we medeni alyş-çalyşlary guramagy teklip etdi.
6. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Gruziýanyň tehniki uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekmegi meýilleşdirýärler. Onlaýn tertipde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar medeniýet, bilim, ylym pudaklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Dünýäde
7. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Fransiýanyň Milli medeni miras we binagärlik komissiýasynyň biragyzdan garşy çykmagyna garamazdan, Pariždeki Notr-Dam ybadathanasynda döwrebap reňkli aýna penjireleri oturtmak pikirini öňe sürýär. Hünärmenler, hiç hili zeper ýetmedik asyl penjireleri çalyşmagyň 1965-nji ýylda Fransiýa tarapyndan kabul edilen Taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça Wenesiýa düzgünnamasyna ters gelýändigini aýdýarlar. Takmynan, 160 müň adam tarapyndan gol çekilen reňkli aýna penjireleri çalyşmaga garşylyk hatyna we esassyz çykdajylaryň tankytlanmagyna garamazdan, Makron bu kararynda tutanýerlilik görkezýär. Ol häzirki zaman döwrüniň beýleki taryhy döwürler bilen birlikde ybadathananyň keşbinde hem görkezilmelidigini öňe sürýär.
8. Uelsiň şagyzy Keýt Middlton rak keseline garşy göreşde himiýa bejergisiniň gutarandygyny habar berdi. Ol ýüzlenmesinde özüni ýeňil duýýandygyny belledi we maşgalasynyň soňky dokuz aýda başdan geçiren kynçylyklary barada gürrüň berdi. Keýt himiýa bejergisiniň tamamlanandygyna garamazdan, bejeriş we dikeldiş işleriniň henizem dowam edýändigini aýtdy. Ol her günden lezzet alyp ýaşamagy we rak keselinden mümkin boldugyça azat bolmak üçin elinden gelenini etmegi ýüregine düwdi. Şagyzy alan goldawy we söýgüsi üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Sport habarlary
9. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Baş sekretary Ata Akmämmedow Nýu-Delide geçirilen Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 44-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy. Çäräniň dowamynda guramanyň ýolbaşçylarynyň we sebitdäki wise-prezidentleriň, ýerine ýetiriji komitetiň agzalarynyň wezipelerine saýlawlar geçirildi. Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti wezipesine Hindistandan Raja Randhir Singh saýlandy. Ol çykyşynda Aziýa sport jemgyýetiniň agzybirligini nygtady we: «Aziýa bir bitewi, bir maşgaladyr» — diýip, belledi. Assambleýanyň dowamynda Aziýa sebitinde sporty ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler, şol sanda sport infrastrukturasyny gowulandyrmak, ýaş türgenleri olimpiýa işine çekmek we olara goldaw bermek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
10. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Ataýew Wolga sebitiniň bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetine baryp gördi. Saparyň dowamynda Ataýew uniwersitetiň alyp barýan işleri we infrastrukturasy, şol sanda okuw-laboratoriýa toplumy, Uniwersiada muzeýi we Ylmy-gözleg institutynyň häzirki zaman enjamlary bilen tanyşdy, şunda Fijital merkezine aýratyn üns çekildi. Ýokary okuw merkezine gezelenji Ylmy-gözleg institutynyň direktory Alekseý Zwerew alyp bardy.

