Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, Türkmenistanyň başlangyjy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda kabul edildi, Alp Arslan Begenjow ýurduň taryhynda ilkinji bolup ýaşlaryň arasynda erkin göreş boýunça dünýä çempionatynyň çempiony boldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Şenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy. Saparyň dowamynda ol degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuş maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, binalaryň içki we daşky bezeg işlerine degişli serişdeleriň birnäçe görnüşleri görkezildi. Olaryň hatarynda döwrebapdemir ýol menziliniň, durky täzelenilýän Aşgabat – Gökdepe ýolunyň ugrunda guruljak köp zolakly köpriniň, Söwda we hyzmat ediş toplumynyň, Yzgant şäherçesine giriş arkasynyň, Akhan we Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda gurulmagy meýilleşdirilýän «Taýçanak» binasynyň, şäheriň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary, köprüleriň germweleriniň görnüşleri bar.
2. Arkadag şäherine saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide bu «akylly» şäheriň mynasyp bolan täze halkara baýraklary gowşuryldy.
3. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 87 döwleti bu başlangyjyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.
4. Ýekşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri Astana şäherine iş saparynyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara milli bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda, nebitgaz toplumy, oba hojalygy we energetika ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratynüns çekildi.
5. Tokaýew bilen duşuşykdan soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy. Çäre «Astana Arena» stadionynda stadionynda «Ymgyr şähradaky duşuşyk» şygary astynda geçirildi. Şu ýyl oýunlara Türkmenistandan 29 türgen we 6 tälimçi gatnaşýar.
Dünýäde
6. 8-nji sentýabrda meşhur sowet we rus tele alypbaryjysy Aleksandr Wasilýewiç Maslýakow 83 ýaşynda aradan çykdy. Onuň telewideniýedäki zähmet ýoly 1964-nji ýylda başlandy, şol wagt ol Moskwanyň ulag inženerleri institutynyň talyby döwründe ilkinji gezek ýaýlyma çykdy. Uzak ýyllar dowam eden zähmet ýolunyň dowamynda Aleksandr Wasilýewiç birnäçe meşhur gepleşikleri alypbardy, şolaryň hatarynda «Allo, biz zehinleri gözleýäris!» («Алло, мы ищем таланты!») we «Şadyýan çagalar» («Веселые ребята») gepleşikleri hem bar. Emma hut «Şadyýanlaryň we ugurtapyjylaryň kluby» («Клуб веселых и находчивых») gepleşigi has meşhurlyk gazandy. Maslýakow bu gepleşigi 1964-nji ýyldan bäri alyp barman, eýsem, onuň ýolbaşçysy, režissýory, şeýle hem Halkara KWN birleşiginiň prezidenti boldy.
7. Maliýe analitikleri adamzadyň taryhyndaky ilkinji trillioneriň peýda bolup biljekdigini çaklaýarlar. Olaryň hasaplamalaryna görä, amerikaly işewür Ilon Maskyň eýýäm 2027-nji ýyla çenli bu görlüp-eşidilmedik baýlyk derejesine ýetmek mümkinçiligi bar. Maskyň emläginiň her ýylda ortaça 110% artmagy şeýle batyrgaý çaklamany öňe sürmek üçin esas döredýär. Gyzykly ýeri, Mask trillioner diýen ada ýeke-täk dalaşgär däldir. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, hindi işewüri Gautam Adani hem bu ajaýyp derejä 2028-nji ýylda ýetip biler.
Sport habarlary
8. Türkmen türgeni Alp Arslan Begenjow ýurduň taryhynda ilkinji bolup 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda erkin göreş boýunça dünýä çempionatynyň çempiony boldy. Bu taryhy üstünlik Ispaniýada geçirilen ýaryşda gazanyldy. Alp Arslan 79 kg çenli agram derejesinde ýaryşyň ähli tapgyrlaryny ynamly geçdi we finalda amerikaly türgen Zakari Raýderi 5:0 hasabynda ýeňdi. Iň ýokary baýrak ugrundaky ýolda türkmen türgeni garşydaşlaryndan bir utuk hem ýeňilmän, jemi 46:0 hasabynda bäş ýeňiş gazandy.
9. Türkmenistanyň wekili, halkara derejeli sport ussady Maýagözel Ekeýewa Parižde geçirilen Paralimpiýa oýunlarynda parapauerlifting boýunça ýaryşda 112 kg agram göterip, 6-njy orny eýeledi. Türgen 86 kg çenli agram derejesinde çykyş etdi.

