Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, «Daewoo» kompaniýasy Türkmenistanda 2 taslamany durmuşa geçirdi, Türkmenistana sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet boýunça maslahata taýýarlyk görýär we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylýandygy barada maglumat berdi. Şeýle-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
2. Wise-premýer Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi we pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurduň welaýatlarynda bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi. Bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
3. Wise-premýer B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, «Maryazot» önümçilik birleşiginiň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler hem-de mineral dökünleri öndürýän toplumy taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça tehniki tabşyrygyň taýýarlanylandygy barada aýdyldy.
4. Wise-premýer H.Geldimyradow «Sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet – durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralýan forum şu ýylyň 20-nji sentýabrynda geçiriler. Maslahatda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi, maliýe-ykdysady we pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, standartlaşdyryş ulgamy, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durmuş goraglylygy ulgamyny sanlylaşdyrmak ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.
5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherine we Gyzylarbat etrabyna täze häkimleri belledi. Döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, Şöhrat Annamyradow özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Emin Aşyrow bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine Öwezgeldi Goşjanow bellenildi.
6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurduň Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň 7 ýeňijisi yglan edildi. Ýeňijilere degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
7. «Akylly» şäherleriň Halkara sergisine gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Seulda «Daewoo» kompaniýasynyň baş direktory Jung-Wan bilen duşuşdy. Duşuşykda koreý kompaniýasynyň baş direktory dökün öndürmek üçin Türkmenistanda iki taslamany almaga gyzyklanma bildirdi. Ol kompaniýanyň täze şäherleridir beýik binalary gurmakdaky üstünlikli tejribesi barada durup geçdi we Türkmenistanda ýokary hilli taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.
8. Karaçaý-Çerkess döwlet uniwersiteti daşary ýurtly talyplar üçin Magtymguly Pyragy adyndaky talyp hakyny döretdi. Talyp hakynyň möçberi 10 müň rubl. Diňe göreldeli we jemgyýetçilik işjeňligini görkezen talyplar türkmen nusgawy şahyrynyň adyny göterýän talyp hakyna hödürlenip bilner. «Biziň ýokary okuw mekdebimizde köp sanly türkmenistanly talyp bilim alýar. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtly talyplar üçin onuň adyny göterýän talyp hakyny döretmek kararyna gelindi» diýip, ýokary okuw mekdebiniň rektory Tausoltan Uzdenow aýtdy.
Dünýäde
9. Günorta Afrika Respublikasynda kazyýet döwlet demir ýol kompaniýasynyň ozalky inženeri bolan 49 ýaşly Deniýeliň garşysyna agyr höküm çykardy. Işe girmek üçin ýüz tutanda öz terjimehalynda ýalan maglumat berendigi üçin ol 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu adam öz terjimehalynda abraýly uniwersiteti tamamlandygyny, dissertasiýasynyň we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe ilim diplomynyň bardygyny görkezdi. Şol maglumatlara esaslanyp, baş inžener wezipesine kabul edilip, bu wezipede bäş ýyl işledi we bu döwürde takmynan 840 müň dollar gazandy. Bu ýalan 2015-nji ýylda ýüze çykaryldy, şondan soň uzyn derňew başlandy. Deniýeliň ýokary biliminiň hem, ylmy derejesiniň hem ýokdugy, diňe orta mekdep biliminiň bardygy aýan boldy. Kazyýet işi 2024-nji ýylda onuň günäkärdigi hakynda höküm çykarmagy bilen tamamlandy.
10. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň başyndan Gyrgyzystan hususy önümçiligine degişli ölçegli guýma altynlaryny erkin satyp başlady. Indi islendik adam «Kyrgyzaltyn» AGPJ-niň dükanyndan agramy 1-den 100 grama çenli ýokary hilli altyn böleklerini satyn alyp biler. Hakykylyga we aýdyňlyga aýratyn üns berilýär: her altyn bölegi onuň gelip çykyşyny kepillendirýän hususy QR kody bilen üpjün edilendir.
Sport habarlary
11. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Lissabonda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Roberto Martines bilen duşuşdy. Duşuşykda tälimçiler häzirki zaman futbolynyň ösüş tendensiýalaryny we tälimçilik hünäriniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Orazowyň Portugaliýa sapary UEFA-nyň goldaw bermeginde guraldy. Syýahatyň maksady Ýewropanyň öňdebaryjy toparlarynyň biriniň türgenleşik işleri bilen tanyşmakdan ybaratdyr. Türkmen tälimçisiniň tejribeligi 10-njy sentýabra çenli dowam eder.

