Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.
Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Ilki bilen häkim, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde açylyp ulanylmaga berlen 1200 orunlyk döwrebap orta mekdebini we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidente welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan çäksiz hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna başlamak boýunça ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk işleri görülýär.
Welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, şeýle hem ýygymda işlediljek kombaýnlary we hasyl daşamakda ulanyljak awtoulaglary pagta ýygymy möwsümine doly taýýar etmek üçin degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jogapkärli möwsümiň – bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda bugdaý ekişine başlamak we pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri görülýär.
Pagta ýygym möwsüminde pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary bökdençsiz hem-de netijeli işletmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.
Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak ekijiler we beýleki oba hojalyk tehnikalary ekişe taýýar edilip gallaçy daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça işler dowam edýär.
Mundan başga-da häkim ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekip, bugdaý ekişini gysga möhletde tamamlamak, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna guramaçylykly başlamak boýunça taýýarlyk işleri meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar.
Ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnamak we bökdençsiz kabul etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalar hem-de pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme taýýar edildi. Pagta ýygymynda işlediljek kombaýnlary doly taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Welaýatyň bugdaý ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş we suw tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär.
Bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýar edilip, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek boýunça öňde durýan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde hem-de Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda açylyp ulanylmaga berlen degişlilikde 960 hem-de 400 orunlyk mekdepleri gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ilatynyň adyndan çäksiz hoşallygyny beýan edip, Arkadagly Gahryman Serdara hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.
Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri görülýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek, ýuwuş we tagt suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenen möhletde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlanylyp, bugdaý öndürijiler ýeterlik mukdarda ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär.
Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär.
Pagta ýygymyna başlamak boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalar hem-de kabul ediş harmanhanalar möwsüme doly taýýar edilip, ýygymda işlediljek kombaýnlary we awtoulaglary taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişini we pagta ýygymyny ýokary hilli hem-de gysga wagtda geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmalydygyny belledi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi
Ilki bilen häkim Bilimler we talyp ýaşlar gününde açylyp ulanylmaga berlen Mary şäherindäki 500 orunlyk umumybilim berýän mekdebi hem-de Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasynda 160 orunlyk çagalar bagyny gurduryp berendigi üçin döwlet Baştutanyna welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan çäksiz hoşallyk bildirip, hormatly Prezidente hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra häkim hasabatyny dowam edip, welaýatda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna başlamak boýunça meýilleşdirilen işleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary we pagta hasylyny daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Bugdaý ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak hem-de bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentiň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň 4-nji sentýabrynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda welaýatlarda bugdaý ekişine girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, pagta ýygymyna başlamak boýunça hem degişli işler geçirilýär.
Pagta ýygymy möwsümine başlamak boýunça görülýän işleriň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygýan kombaýnlary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary we beýleki oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Ýurduň Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Hormatly Prezident sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

