Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fathudin Ali Mohamediň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda iki döwletiň arasynda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadyndan ugur alnyp, birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministr öz gezeginde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň gurluşy, onuň hukuk binýadynyň dünýä ülňülerine laýyk ösdürilmegi üçin kabul edilen konsepsiýalar, ýurtda bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan giň gerimli işler, halkara hyzmatdaşlygynda gazanylýan üstünlikler, ýokary okuw mekdeplerinde bilim berilýän hünärler barada gürrüň berdi.
Şeýle hem Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasynda geçirilýän halkara derejeli bäsleşiklere, olimpiadalara Somali Federatiw Respublikasynyň ýaşlarynyň hem gatnaşmagyny teklip etdi.
Ilçi Somali Federatiw Respublikasynyň we Türkmenistanyň bilim edaralarynyň arasynda geljekde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň döredilmegine, aýratyn hem bu ýurduň ýaşlarynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe hünärler esasynda, aýratyn hem nebit-gaz, lukmançylyk, deňiz ulaglary hünärleri boýunça bilim almak mümkinçiliginiň döredilmegine isleg bildirýändigini habar berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege üstünlikleri we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin alnyp baryljak işlerde şowlulyklary arzuw etdiler diýlip, habarda bellenilýär.
