Arkadag şäherinde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň gazananlaryna bagyşlanan çäre geçirildi, türkmen teatry Magtymgulynyň ömri barada ilkinji monospektakly taýýarlaýar, «Arkadag» futbol toparynyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Arkadag şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda mugallymlar üçin çäre geçirildi. Çykyş edenler ýurduň ösüşleriniň binýady hökmünde bilimiň möhüm ornuny bellediler, milli bilim ulgamynyň gazananlaryny we ony döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Nygtalyşy ýaly, bilim ulgamynyň hünärmenleriniň esasy wezipeleri diňe bir döwrebap bilimleri öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, zähmetsöýer, watançy, maksada okgunly, giň dünýägaraýyşly we zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr.
2. Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary täze möhsümi bir aktýoryň çykyş etmeginde «Akyldar» atly spektaklyň ilkinji görkezilişi bilen açmagy meýilleşdirýär. Bu beýik şahyr Magtymgulynyň ömür ýoly baradaky ilkinji monospektakldyr. Pýesanyň awtory dramaturg Gadam Kakabaýew, režissýory Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew. Akyldaryň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Döwletmyrat Hanmämmedow janlandyrar.
3. Şu ýylyň 23 – 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Bu iri foruma gatnaşmak üçin eýýäm 20 ýurtdan 100-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy. Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, OGT-2024 energetika ulgamyny durnukly ösdürmek we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm meýdança bolar. Bu halkara maslahat sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge we uglewodorod serişdelerini ösdürmegiň ekologik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga ýardam eder.
4. «Balkan» gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň dolandyryş binasynda zawodyň hünärmenleriniň tejribelik okuwlarynyň tamamlanmagy we olara degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. 2 aýyň dowamynda «Koryo Shipbuilding» kompaniýasyndan 16 sany ýokary hünärli inžener zawodyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen intensiw okuw geçirdi.
Dünýäde
5. Täze pişik tohumy bolan Bully Cat bütin dünýäden haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylarynyň arasynda çynlakaý howsala döretdi. Gysga egri aýaklary, köp sanly ýygyrtlary bolan we hiç hili tüýi bolmadyk pişikler hünärmenleriň arasynda uly alada döredýär. Hünärmenleriň pikiriçe, bulli tohumly pişikleriň daşky keşbiniň genetiki mutasiýalary olaryň durmuşynda örän agyr kynçylyklary döredýär. Patyşalyk weterinariýa kollejinden doktor Den O'Nil geljekki öý haýwanlarynyň eýelerini haýwanlaryň hal-ýagdaýyny birinji orunda goýmaga çagyrýar. «Adatdan daşary we tebigy däl görnüşli haýwan satyn almazdan ozal, şeýle saýlawyň netijeleri barada pikirleniň» diýip, ol duýdurýar.
6. «Ford Motor» kompaniýasy elektrik ulaglarynyň önümçiligi bilen baglanyşykly kyn maliýe ýagdaýyna sezewar boldy. Soňky maglumatlara görä, öndürilen her bir elektrik ulagy kompaniýanyň 100 000 dollara çenli ýitgi çekmegine getirýär. Bu görkeziji başlangyç çaklamalardan örän ýokarydyr we munuň özi «Ford» kompaniýasyny elektrik ulaglary pudagyndaky strategiýasyna düýpgöter täzeden garamaga mejbur edýär. Artýan çykdajylary azaltmak üçin kompaniýa eýýäm birnäçe çäreleri gördi. Şeýle çynlakaý maliýe kynçylyklarynyň esasy sebäbi elektrik ulaglarynyň bahasynyň düýpgöter peselmegi we olara bolan islegiň azalmagy boldy. Netijede, bir elektrikli awtoulag öndürmek üçin çykdajy onuň satuwyndan gelýän girdejiden ýokary boldy.
Sport habarlary
7. Şu gün Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab kwartirasynda bu guramanyň erkekleriň arasynda geçirýän klublaýyn ýaryşlarynyň içinde ähmiýeti boýunça üçünji orunda durýan AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji möwsüminiň bijeleri çekildi. Türkmenistandan «Arkadag» Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» we Gyrgyzystanyň «Abdyşata» toparlary bilen «B» toparçada çykyş eder. Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň duşuşyklary 16-njy oktýabrdan 2-nji noýabra çenli aralykda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. «Arkadag» toparynyň gatnaşmagynda «B» toparçanyň duşuşyklary Kuweýtde geçiriler. Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça çärýekfinala toparçalaryň ýeňijileri we Günbatar Aziýadan bir, Gündogar Aziýadan iki sany ikinji orny eýelän iň gowy toparlar çykarlar. Pleý-off duşuşyklary «öz meýdançaňda we myhmançylykda» oýnalar. Çärýekfinal duşuşyklary 5 – 13-nji mart aralygynda, ýarymfinal 9 – 17-nji aprel aralygynda geçiriler, final bolsa 10-njy maýda meýilleşdirilýär.
8. Kriştianu Ronaldunyň «YouTube-daky» resmi kanaly ilkinji 24 sagadyň dowamynda 6 milliondan gowrak agzany ýygnap, ajaýyp ösüş görkezdi. Bu Lionel Messiniň kanalyna agzalaryň sanyndan üç esse köpdür. Portugaliýalynyň janköýerleri şeýle bir köp boldy welin, kanal açylandan bir ýarym sagat soň oňa agzalaryň sany bir milliondan geçdi. Şeýle çalt ösüş platforma üçin hakyky rekorda öwrüldi. Ronalduda häzir 6,5 milliondan gowrak wepaly janköýer bar.

