Alymlar kofe içmäge bolan endigiň genlerini tapdylar we kofesöýerlik bilen artykmaç agramlylygyň arasyndaky baglanyşygy kesgitlediler diýip, «MIR 24» ýazýar.
Kanadaly, amerikaly we Niderlandlardan bolan alymlaryň lukmançylyk maglumatlarynyň toplumyny seljermegi kofä bolan çakdanaşa islegiň adatça genetika baglydygyny, ýagny onuň nesilden nesle geçýändigini görkezdi.
Olar şeýle-de, kofe sarp etmek bilen semizligiň arasynda genetiki baglanyşygyň bardygyny belleýärler. Şunlukda, kofesöýerler artykmaç agramlylyga has golaýdyr diýip, alymlar aýdýarlar.
Ylmy barlagyň awtorlary aslynda kofe içmek endiginiň töwekgelçilikli däldigini nygtaýarlar. Emma hemişe köp şekerli we süýtli kofe içmek saglyga zyýan edip biler diýlip, «Neuropsychopharmacology» neşiri ýazýar.

