Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany bilen, Orazgeldi Kakabaýewiç Öwezsähedow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Orazgeldi Kakabaýewiç Öwezsähedow mundan ozal Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw bölüminiň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi.
