Aşgabat şäheriniň binagärlik we şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ony ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin amatly şähere öwürmek ugrunda degişli çäreler görülýär. Ýurduň paýtagt şäheriniň şaýollarynda, köçelerinde we seýilgählerinde oturdylan daşky yşyklandyryş ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat edýän gullugyň işini kämilleşdirmek, hususan-da, ony döwrebap awtotehnikalar bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 28-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin ýöriteleşdirilen döwrebap awtotehnikalary satyn almak baradaky teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

