20-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişildi. Bu Ähtnama gol çekilmeginden esasy maksat ýurduň bilim ulgamyny kämilleşdirmekden we durnukly ösüş tejribesini ösdürmek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.
Özara düşünişmek hakynda Ähtnama BMGÖM bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda ýurduň ilatyna hödürlenilýän döwlet bilim hyzmatlary ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyga esas döredýär. Ylalaşyk Türkmenistanda bilim maksatnamalaryny gowulandyrmak, adam hukuklary we gender deňligi ýörelgelerini utgaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek başlangyçlaryny goldamak, şeýle-de Türkmenistandaky bilim edaralary arkaly sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek meselesinde umumy maksatlary öz içine alýar.
Bu Ähtnamada göz öňünde tutulan esasy ugur sanly tehnologiýalary we innowasion çözgütleri Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
«Özara düşünişmek hakynda Ähtnama Türkmenistanda sanly bilimi we durnukly ösüşi gowulandyrmak üçin möhüm ädimdir» diýip, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Saakýan belleýär.

