Türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Bu barada Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew Baku şäherinde geçýän
«ÝUNESKO-nyň nukdaýnazarynda türki dünýäniň taryhy we medeni mirasynyň öwrenilmegi hem-de goralyp saklanylmagy» atly halkara maslahatda çykyşynda nygtady. Bu barada «Report.az» habar berýär.
«Biziň her birimiz türki döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin elden gelenini etmelidir. Özüniň döredileninden bäri TDG syýasy, ykdysady, bilim, medeni, jahankeşdelik, lukmançylyk we beýleki ugurlarda ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmagy başardy. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi biziň esasy maksadymyzdyr. Şol sanda «Türki dünýäniň görüşi 2040» maksatnamasy TDG-niň agza ýurtlarynyň arasynda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegini göz öňünde tutýar» diýip, guramanyň Baş sekretary aýtdy.

