Pakistanyň Parlamentiniň deputatlary geçen şenbede ýurduň Halk partiýasynyň liderleriniň biri Asif Ali Zardarini Prezident wezipesine saýladylar. Bu barada «Dawn» habarlar portalyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.
Ses berlişikde 68 ýaşly Zardari 411 we onuň bäsdeşi Mahmud Han Açakzaý 181 ses aldy.
Zardari saýlawlarda ýurdy dolandyrýan Pakistanyň Halk partiýasynyň we Musulmanlar ligasynyň bileleşiginden umumy dalaşgär hökmünde gatnaşdy. Ol 2008-2013-nji ýyllarda hem Prezidentiň wezipesini eýeläpdi.
Pakistan Parlament Respublikasy bolup, döwlet Baştutanynyň ygtyýarlylyklary çäklidir.

