29-njy fewral her dört ýyldan bir gezek gelýär. Bu günde doglan adamlar üçin bolsa ol adaty bir doglan gün bolman, eýsem durmuşda seýrek gabat gelýän şatlykly wakalar ýaly buýsançly gündür.
Jemgyýetçilik pikir soraşmalaryň görkezişi ýaly, 29-njy fewralda dünýä inen adamlar, adatça, doglan günlerini 28-nji fewralda ýa-da 1-nji martda baýram edýärler.
Beýle netijä gelmäge esas döredýän, hatda ony ulgamlaşdyrýan shema hem bar:
- Eger adam 29-njy fewralda günüň birinji ýarymynda (6:00 – 12:00) doglan bolsa, onda onuň ilkinji iki ýaşyny 28-nji fewral güni, üçünji ýaşyny bolsa 1-nji mart güni bellemeli.
- Eger adam 29-njy fewralda günň ikini ýarymynda (12:00 – 18:00) doglan bolsa, tersine, onuň birinji ýaş toýy 28-nji fewralda, soňky iki ýaş toýy bolsa 1-nji martda bellenilip geçilmelidir.
- Eger adam 29-njy fewral gününiň ilkinji ýa-da soňky alty sagadynyň dowamynda dünýä inen bolsa, onda oňa doglan gününi bu sagada golaý bolan senä süýşürmek maslahat berilýär.
Täsin faktlar:
- Adamyň 29-njy fewralda dogulmak ähtimallygy 1/1461-e deňdir.
- Dünýä ýüzünde bu günde doglanlaryň sany 4 million töweregidir.
A siziň 29-njy fewralda doglan tanyşlaryňyz barmy?

