Daşkentde Merkezi Aziýanyň bäş sany serhetüsti derýa basseýni üçin howanyň üýtgemeginiň ýetirýän täsirini bahalandyrmak boýunça esasy gözlegiň başlanmagyna bagyşlanan «Howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçiligi bahalandyrmak we mümkinçilikleri ösdürmek» atly sebitleýin mmaslahat geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada «Uzdaily.uz» saýty habar berdi.
Maslahatda gelnen netijä görä, Gyrgyzystandaky we Özbegistandaky Isfaýramsaý, Şahymerdan, Täjigistandaky we Özbegistandaky Zarafşan, Türkmenistandaky Murgap, Gyrgyzystandaky we Gazagystandaky Çong-Kemin derýalaryna howanyň üýtgemegi bilen bagly ýetýän täsiri azaltmak boýunça teklipler taýýarlanyldy.
Bu maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli gidrometeorologiýa gulluklarynyň, daşky gurşawy goramak, suw dolandyryş we beýleki ugurdaş edaralarynyň hünärmenleri, sebit we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar bilelikde sebitde howanyň töwekgelçiligini bahalandyrmak üçin kynçylyklary we mümkinçilikleri kesgitlediler. Bahalandyrmak üçin derýalar saýlanylanda, serhetüsti basseýniň ululygy, suw bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlaryň bolmagy, gidrologiki we meteorologiýa stansiýalarynyň barlygy göz öňünde tutuldy.

