Amazoniýanyň tropiki tokaýlarynyň ýarpy bölegi 2050-nji ýylda ýok bolup biler diýip, nemes alymlary habar berýärler. Muňa ählumumy maýlama sebäp bolar diýip, «24KZ» ýazýar.
Çyglylygyň ýitirilmegi netijesinde tropik tokaýlar selçeňleşer, ekoulgamyň özi bolsa biodürlüligini ýitirer.
Alymlar muňa şeýle hem tokaýlaryň çapylmagynyň, guraklygyň we ýangynlaryň sebäp boljakdygyny belleýärler. Eýýäm sebitde ýagyşly tokaýlaryň 20 göteriminiň ýok bolandygy hasaba alyndy.
Alymlar ýagdaýyň ýitileşmeginiň bütin planeta howp salýandygyny duýdurýarlar, sebäbi dünýä kislorodynyň 20 göteriminden gowragyny hut Amazoniýanyň tokaýlary bölüp çykarýar.

