Düýn — 15-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary bazarda nebit-himiýa we ýeňil senagatyň önümleri satyldy.Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasyna salgylanyp, HHM habar berdi.
Daşarky bazarda Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni, «ТС-1» kysymly uçar kerosini, «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny we suwaklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkiýe Respublikasynyň işewürleri türkmen kärhanasyndan arassalanan nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 16 920 470,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.

