Malaýziýanyň Johor ştatynyň soltany Ibragim resmi taýdan ýurduň 17-nji Patyşasy diýlip yglan edildi. Ol düýn, çarşenbede Milli köşkde kasam kabul etdi diýip, «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «Kazinform» habar berdi.
65 ýaşly Ibragim bu wezipede Abdulla Riaýýatuddin Al-Mustafany çalyşdy. Öňki Patyşa ýene özüniň dogduk ştaty Pahangy dolandyrar diýlip, habarda aýdylýar.
Monarhiýanyň ýurtda hereket edýän dokuz Patyşalyk maşgalasy düzgünine laýyklykda, Malaýziýada her bäş ýyldan Soltan maşgalalarynyň baştutanlary ýurduň Patyşasy wezipesine nobatma-nobat saýlanýar.
Malaýziýanyň Patyşasy, esasan, baýramçylyk dabaralary we wekilçilik wezipelerini ýerine ýetirýär. Ol Premýer-ministriň we Ministrler Kabinetiniň maslahatlaryna eýerip, hereket edýär. Ýöne Federal Konstitusiýa laýyklykda, onuň Parlament köpçüligine eýe bolan Premýer-ministri wezipä bellemek hukugy hem bar.
