Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow 2026-njy ýylda geçjek Prezident saýlawlarynda ikinji möhlete gatnaşmakçy. Bu barada döwlet Baştutanynyň metbugat kätibi Askat Alagozow özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy diýip, «Interfax.ru» ýazýar.
Sadyr Žaparow ýurduň Prezidentligine 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda saýlandy.
Gyrgyzystanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutanynyň her biri 5 ýyl möhlet bilen iki gezek saýlanmaga hukugy bar.

