ABŞ-da öýsüzleriň sany artýar. Geçen ýyl olaryň sany 650 müňden geçdi. Ýurduň Ýaşaýyş jaý gurluşygy we şäher ösüşi ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýagdaý ýaşaýyş jaýy üçin kärende töleginiň ýokarlanmagy bilen baglydyr diýip, «24KZ» habar berýär.
Garward uniwersitetiniň hasaplamalaryna görä, öý ýa-da kwartira kärende almak häzir amerikalylaryň 22 milliony üçin elýeterli däldir. Bu ugurda ilkinji orny Maýami şäheri eýeleýär. Ol ýerde her 10 maşgalanyň 6-sy öz girdejileriniň üçden bir bölegini öýüň kärendesine ýa-da jemagat töleglerine sarp etmäge mejbur bolýar.

