Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän tüwi arassalamak üçin ýöriteleşdirilen kärhana tüwi ösdürip ýetişdirýän hojalyklar üçin ýokary hilli tohum taýýarlap başlady.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, Daşoguz welaýaty ýurtda «merjen» dänesini iň köp öndürýänleriň biridir. Her ýyl bu ýerde dürli görnüşdäki tüwüleriň 35 müň tonnadan gowragy ýygnalýar. Bu ýerdäki işler ähli zerur amallary ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän belli «Satake» nyşanly ýöriteleşdirilen enjamlary ulanmak bilen awtomatiki usulda amala aşyrylýar.
Kärhanada zerur mikroklimaty bilen taýýar tohumlary uzak wagtlap saklamak üçin amatly şertleri döredýän häzirki zaman ammar desgalary bar. Taýýarlanan önümler häzirki zaman ýöriteleşdirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghanada berk hil gözegçiliginden geçirilýär diýlip, habarda bellenilýär.

